DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar “TURKOVAC” Mynasibetli Türkiýäni Gutlady
Ersin Tatar, sanjymyň taýarlanmagyna goşant goşan her bir adamy mähirli gutlady.
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Türkiýäni ýerli sanjym “TURKOVAC” mynasibetli gutlady.
DKTR tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Ersin Tatar, Prezident R. T. Erdogana we Saglygy goraýyş ministri Fahrretin Koja telefon edip Erjiýes uniwersiteti tarapyndan täze görnüş koronawirusa garşy taýarlanýan we üçünji tapgyr işlerine başlanan ýerli sanjym “TURKOVAC” mynasibetli gutlady.
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, sanjymyň taýarlanmagyna goşant goşan her bir adamy mähirli gutlady.
Degişli Habarlar
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Almatyda Duşuşar
Jeýhun Baýramow bilen Ararat Mirzoýan 10-njy maýda Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşar.
Ženewada Türk Hepdeligi Geçirildi
Türki döwletleriň guramasynyň ýolbaşçylyk etmeginde ilkinji gezek Ženewada Türk hepdeligi geçirildi.