Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

Prezident Erdogan Aliýew bilen ikiçäk geçirjek duşuşygyndan soň ylalaşyklara gol çekmek dabarasyna we umumy metbugat ýygnagyna gatnaşar

1658524
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 28 ýyl soň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen, Daglyk Garabag sebitiniň simwol şäheri hökmünde kabul edilýän Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. 

Ýurdyň paýtagty Baku şäherinden Şuşa şäherine tarap ýola çykan Prezident Erdogan, Fuzulidäki dynç alyş nokadynda ulagyndan düşüp, özüne garaşyp duran Ilham Aliýew bilen salamlaşdy. 

Birnäçe wagt söhbetdeş bolan iki lider, ondan soň bolsa Şuşa şäherine tarap hereket etdiler. 

Ilham Aliýew, ýol boýunça sebitde alynyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işleri barada Prezident Erdogana maglumat berdi. 

Erdogan ondan soň bolsa 28 ýyl soň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen, Daglyk Garabag sebitiniň simwol şäheri hökmünde kabul edilýän Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Şuşa şäherindäki gubernatorlyk binasynda bolan dabaradan soň, Aliýew we Erdogan ikiçäk duşuşyk geçirdiler. 

Prezident Erdogan Aliýew bilen ikiçäk geçirjek duşuşygyndan soň ylalaşyklara gol çekmek dabarasyna we umumy metbugat ýygnagyna gatnaşar. 



Degişli Habarlar