Mejlisiň Başlygy Şentop, Gazak Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Şentop,TBMM-nyň adyndan Ashimbaýewiň we gazak halkynyň Oraza baýramyny gutlady

1639873
Mejlisiň Başlygy Şentop, Gazak Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Gazagystanyň Senadynyň başlygy Maulen Ashimbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

TBMM-nyň adyndan Ashimbaýewiň we gazak halkynyň Oraza baýramyny gutlan Şentop, Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň gün saýyn ösýändigini belledi.

Şentop, “Özara gatnaşyklarymyzyň pugtadyrylmagy üçin uly tagalla edilýär” diýdi.

Gazagystanyň Senadynyň başlygy Maulen Ashimbaýew “Kowid-19 epidemiýasynyň başynda agyr günleri başdan geçirdik. Şol günlerde Türkiýeden gelen kömegi asla ýatdan çykarmadyk we çykarmarys” diýdi.

Türkiýäniň Türkistanda başkonsullyk açmak baradaky kararyna hoşallyk bildiren Ashibaýew, şol kararyň özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berjekdigini belledi.



Degişli Habarlar