Türkiýe Tatarystana Gynanç Bildirdi

“Hyýanatçylykly hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris"

1638015
Türkiýe Tatarystana Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Tatarystanyň paýtagty Kazanda mekdebe guralan hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada “Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda mekdebe guralan ýaragly hüjümde köp sanly okuwçynyň we mugallymyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirýäris” diýildi.

Beýannamada “Hyýanatçylykly hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Dost ýurt Russiýa Federassiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň halkyna uly gynanç bildirýäris” diýildi.

Kazanda mekdebe guralan ýaragly hüjümde 1 mugallym bilen 8 okuwçy ýogalypdy, azyndan 10 adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar