Tatarystanda Mekdebe Guralan Hüjümde 11 Adam Ýogaldy

Şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan mekdebe ot açyldy

1637929
Tatarystanda Mekdebe Guralan Hüjümde 11 Adam Ýogaldy
Tataristan okul.jpg
Tataristan okul-1.jpg

Tatarystanyň paýtagty Kazanda mekdebe ýaragly hüjüm guraldy. Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 11 adam ýogaldy.

Kazanda ýerleşýän mekdepleriň birine şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan ot açyldy, soň mekdebiň içinde partlama boldy.

Partlamada ilki 6 okuwçy bilen 1 mugallymyň ýogalandygy habar berildi. Gelip gowşan soňky habarlarda bolsa wakada ýogalanlaryň sanynyň 11 adama ýetendigi nygtaldy.

Mesele hakynda berlen beýannamada hüjüm bilen arabaglanşykly 17 ýaşyndaky ýetginjegiň saklanandygy bellenildi.



Degişli Habarlar