Şuşa Azerbaýjanyň Medeni Paýtagty Yglan Edildi

Ermenistandan halas edilen Şuşa şäheri resmi taýdan Azerbaýjanyň medeni paýtagty yglan edildi

1636211
Şuşa Azerbaýjanyň Medeni Paýtagty Yglan Edildi

“Sputnigiň” habar bermegine görä Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Şuşanyň, ýurduň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi hakyndaky permana gel çekdi.

Permanda: “Şuşada döwlet dolanşygynyň we kanuny gözegçiligiň hasam güýçlendirilmegi, diňe bir şäherdäki taryhy we medeni mirasyň dikeldilmegi hem-de goralmagyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, şol bir wagtda-da şäheriň durnukly ösüşi üçin gerek bolan şertleri üpjün eder” diýilýär.

Azerbaýjanyň hökümetiniň perman bilen Şuşa şäheriniň taryhy siluetini gaýtadan dikeltmegi we Şuşany asyrlar boýy Azerbaýjanyn baý medeniýetiniň, binagärliginiň we şäher gurluşygynyň parlaýan hünjüsi hökmünde halkara arenada tanyşdyrmagy maskat edinýändigi nygtalýar.

Azerbaýjanyň goşunlary Şuşany 8-nji noýabrda Ermenistanyň goşunlaryndan halas edipdi.

Prezident Aliýew ýanwar aýynda beren beýannamasynda Şuşany medeni paýtagty yglan etjekdigini aýdypdy.

 



Degişli Habarlar