Şentop Gyrgyz Respublikasy Bilen Täjigistanyň Arasyndaky Meseleleriň Durnukly Çözülmegini Arzuw Etdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop TÜRKPA-nyn baş Sekretary Altynbek Mamaýusupowy kabul etdi

1633215
Şentop Gyrgyz Respublikasy Bilen Täjigistanyň Arasyndaky Meseleleriň Durnukly Çözülmegini Arzuw Etdi

Gazagystanyň Türkistan welaýatynda maý-iýun aýlarynda döwürleýin masslahatyň geçiriljekdigini beýan eden Şentop: “TÜRKPA agza ýurt hökmünde soňky günlerde Gyrgyz Respublikasynda başdan geçirilen mesele bar. Soňky alan maglumatlarymyza görä Gyrgyz Respublikasy bilen Täjigistanyň arasynda ylalaşyk gazanyldy, enna ol durnukly bolar. Gyrgyz Respublikasy bilen Täjigistan dost we doganlyk ýurtlarymyz. Başdan geçirilen dartgynlygyň düýpli çözülmegi üçin başlangyçlaryň edilmegini tama edýäris. Türkiýe bu meselede öz üstüne düşýän borçlaryny berjaý etmäge taýar” diýdi.

Türkiýäniň TÜRKPA agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm pozisiýa eýeleýändigini aýdan Mamaýusupow bolsa: “Türkiýe bu pozisiýasynda soňky döwürde has netijeli işler alyp barýar. Oňa soňky gezek Azerbaýjanda şaýatlyk etdik. Azerbaýjanyň ýerlerinin yzyna alynmagy taýdan Türkiýäniň goldawy iňňän möhümdi” diýdi.



Degişli Habarlar