Japarow Halky Asudalyga Çagyrdy

Gyrgyz-Täjik serhedinde şertler asuda

1632661
Japarow Halky Asudalyga Çagyrdy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Gyrgyz-Täjik serhedinde ýüze çykan çaknyşyk sebäpli öýlerini terk eden 27 müňden gowrak raýatyny öýlerine dolanmaga çagyrdy.

Japarow Gyrgyz Respublikasy bilen Täjigistanyň arasynda 1-nji maýda gazanylan ylalaşykdan soň halka ýüzlenip, çykyş etdi.

Gyrgyz-Täjik serhedinde başdan geçirilen çaknyşyk sebäpli 27 müňden gowrak raýatyň öýlerini terk edendigine ünsi çeken Japarow; “Her bir maşgalanyň agzalaryny öýlerine dolanmaga çagyrýaryn. Meçew bermelere aldanmaň” diýdi.

Japarow wakalar sebäpli ýitgi çeken we ýakylan öýleriň döwlet tarapyndan abatlanjakdygyna söz berdi.

Beýleki tarapdan resmiler sebitde şertleriň gözegçilik astyna alynandygyny beýan etdiler.

Golownoý atly suw ulgamyna gözegçilik etmek üçin 28-nji aprelde başdan geçirilen çaknyşykda iki tarapdan 49 adam ýogalypdy, 260-dan gowrak adam ýaralanypdy.

Sebitde 27 müňden gowrak gyrgyz raýaty öýlerini terk edipdi.

İki ýurduň hökümeti “hüjümleriň bes edilmegi” we goşunyň yza çekilmegi boýunça 1-nji maýda ylalaşyk gazanypdy.

 



Degişli Habarlar