Gyrgyz-Täjik Serhedindäki Dartgynlygyň Ortadan Aýrylmagy Üçin Tagalla Edilýär

Dartgynlygyň çözülmegi üçin diplomatiýa taýdan tagalla edilýär

1632058
Gyrgyz-Täjik Serhedindäki Dartgynlygyň Ortadan Aýrylmagy Üçin Tagalla Edilýär

 

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde ýerleşýän suw paýlaýyş ulgamyna gözegçilik etmek meselesi sebäpli emele gelen dartgynlygyň çözülmegi üçin diplomatiýa taýdan tagalla edilýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew we Täjigistanyň Prezidenti Imomali Rahman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde Gyrgyz-Täjik serhedinde başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow we Täjigistanyň Prezidenti Imomali Rahman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Tokaýew çaknyşykda ýogalanlar üçin Prezident Japarowa we doganlyk gyrgyz halkyna gynanç bildirdi we Gazagystanyň Gyrgyzystana ynsanperwer kömegini ugratmaga taýardygyny nygtady.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow hem kärdeşi Tokaýewe we doganlyk gazak halkyna sagbolsun aýtdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Imomali Rahman bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Gyrgyzystan serhedinde başdan geçirlen çaknyşyga alada bildirýändigini nygtady we wakalaryň goňşy ýurtlaryň we halklaryň howpsyzlygyna wehim salýandygyny nygtady.

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde ýerleşýän suw paýlaýyş ulgamyna gözegçilik etmek meselesi sebäpli 29-njy aprelde bolan ýaragly çaknyşykda ýogalan gyrgyz raýatlarynyň sanynyň 31 adama, ýaralananlaryň sanynyň 134 adama ýetendigi mälim edildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, çaknyşykda ýogalanlaryň hormatyna maý aýynyň 1-2-i aralygynda milli ýasyň yglan edilmegi hakyndaky karary tassyklady



Degişli Habarlar