Gyrgyz-Täjik Serhedi Dartgynly Bolmagyna Galýar

Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Sadyr Japarow, Täjigistanyň Prezidenti Ymamoli Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1631831
Gyrgyz-Täjik Serhedi Dartgynly Bolmagyna Galýar

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde ýerleşýän suw paýlaýyş ulgamyna gözegçilik etmek sebäpli başlan çaknyşykda ýogalanlaryň sany 39, ýaralananlaryň sany 134 adama ýetdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi, ýurduň günortasynda düýn bolan ýaragly çaknyşykda ýogalan gyrgyz raýatlarynyň sanynyň 31 adama ýetendigini mälim etdi.

Gyrgyz ýolbaşçylar, ýaragly çaknyşykda ýaralanan 134 adamdan 49-nyň Bişkekdäki hassahanalarda bejergi alýandygyny belledi.

Täjigistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çaknyşykda 8 täjik raýatynyň ýogalandygyny, 90-dan gowrak adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Habarlarda wakanyň başdan geçirlen ýeri bolan Çoruh obasynda 100-e golaý zenan bilen çaganyň İsfara şäherine alnyp gidilendigi nygtaldy.

Beýleki tarapdan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistanyň Prezidenti Ymamoli Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider maý aýynyň ikinji ýarymynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede duşuşmak meselesinde ylalaşyk gazandy.

Iki ýurt, hökümetara serhetleri kesgitleýiş toparynyň şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Batken şäherinde duşuşmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.



Degişli Habarlar