Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanda Saparda Boldy

Özbegistanyň döwlet Ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýew iş we duýgudaşlyk sapary bilen Aşgabatda boldy

1631460
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanda Saparda Boldy
31.04.21.TKM.jpg
30.04.21.TKM.1.jpg

Saparyň dowamynda iki ýurdun arasynda dowam edýän özara we sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Özbegistanyň lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda aradan çkan kakasy üçin beren agzaçar sadakasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow Mirziýoýewi Oguzhan köşküniň öňünde mähirli we gyzgyn garşylady. Duşuşygyň başynda myhman Prezident kärdeşiniň kakasynyň aradan çykmagyna gynanç bildirdi we Prezident bilen onuň maşgala agzalaryna duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. Mälikguly Bedimuhamedowyn türkmenleriň ýüreginde ömrüni halkyna hyzmat üçin bagşeden hakyky watan söýer hökmünde galjakdygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Bedimuhamedow duýgudaşlyk bildireni üçin Şawkat Mirziýoýewe sagbolsun aýtdy. Türkmen-özbek dostlugynyň asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alýandygyny beýan etdi we iki halkyň arasynda ýüzlerçe ýyldan bäri dowam edýän goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bardygyny aýtdy.

Soň prezidentler özara we sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlarynda pikir alyşdylar. İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary soňky ýyllarda üç esse ýokarlady. Taraplar pandemiýa şertlerine garamazdan ösýän gatnaşyklara kanagatlanma bildirdiler. Türkiýä çenli gelip ýetýän ulag we üstaşyr gatnawda köpugurly hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri seljerildi.

Prezidentler son Türkmenistanyň Lideriniň kakasy üçin beren agzaçar sadakasyna gatnaşmak üçin Gypjak metjidine bardylar. Metjitde türkmen we özbek müftüleriniň dogalaryna goşuldylar, ol ýerde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň gubyryny zyýarat etdiler. Türkmenistanyň Lideri kakasy üçin berilen agzaçar sadakasyna gatnaşany üçin kärdeşi we wekiliýetine sagbolsun aýtdy. Özbegistanyň Lideri soň Türkmenistandan ýurduna gaýtdy.



Degişli Habarlar