Kipr Türk Tarapy Oňyn Pozisiýa Eýeledi

DKTR-nyň Premýer-ministri Ersan Saner Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde gçeirilen Kipr maslahatynda Kipriň türk tarapynyň oňyn pozisiýa eýeländigini aýtdy.

1631639
Kipr Türk Tarapy Oňyn Pozisiýa Eýeledi

BMG-niň başlangyjy boýunça aprel aýynyň 27-29-y aralygynda kiprli taraplaryň we hemaýatkär ýurtlaryň gatnaşmagynda 5+1 formatynda Ženewada geçirilen resmi däl Kipr temaly maslahata gatnaşan Premýer-ministr Saner, DKTR-na gelişin Erjan howa menzilinde žurnalistlere beýannama berdi.

Saner Ženewada bolan möhletlerinde Kiprdäki gepleşikleriň ýaňadandan we nähili başlajakdygy hakynda “Kipr türk tarapy oňyn pozisiýa eýeledi” diýdi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň maslahatyň esasy bölüminde Kipr meselesiniň şu günki güne çenli tapgyryny doly beýan edendigini aýdan Saner, Tataryň federasiýanyň näme üçin çözgüt modeli bolmajakdygyny düşündirendigini we öz tekliplerini hödürländigini beýan etdi.

Premýer-ministr Saner türk halky 1960-njy ýylda Kipr respublikasy esaslandyrylýarka azyndan kiprli grekler ýaly özygtyýarly halk bolandygymyzy we ondan asla egilşik etmejekdigimizi hem Ženewada beýan etdik” diýdi.



Degişli Habarlar