Britaniýa DKTR-ny Ykrar Edermi?

Britaniýanyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyny garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etjekdigi öňe sürüldi

1628274
Britaniýa DKTR-ny Ykrar Edermi?

Britaniýada çap edilýän “The Sundaý Express” gazetiniň iňlis hökümetine ýakyn çeşmelere esaslandyrylan habaryna görä üstümizdäki aýyň 27-29-y aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Kipr temaly resmi däl gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Duşuşykda ylalaşyk gazanylman halatynda Britaniýanyň DKTR-ny garaşsyz ýurt hökmünde resmi taýdan ykrar etjekdigi öňe sürüldi. Onuň, adada taraplaryn arasynda deňagramlygy ýola goýjak başlangyç boljakdygyna üns çekilýär.

Gazetiň habar bermegine görä resmi taýdan ykrar edilen halatynda Britaniýa bilen DKTR-nyň arasynda gönüden uçar saparlary başlar.

Habarda gönüden uçar saparlary başlan halatynda DKTR-nyn iňlisler üçin meşhur dynç alyş sebiti boljakdygy nygtalýar.



Degişli Habarlar