Türkiýäniň Prezidenti DKTR-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

DKTR-nyň Prezidentligi ýazmaça beýanat berdi

1627894
Türkiýäniň Prezidenti DKTR-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatara kakasy Rüstem Tataryň ýogalmagy sebäpli gynanç bildirdi. 

DKTR-nyň Prezidentligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatara kakasy Rüstem Tataryň ýogalmagy sebäpli telefon arkaly jaň edip, gynanç bildirdi. 

Prezident Erdogan, Rüstem Tataryň ýogalandygy baradaky habary uly gynanç bilen alandygyny belläp, merhuma Allatagaladan rehmet, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatara we maşgalasyna bolsa gynanç bildirdi. 



Degişli Habarlar