Şentop we Çawuşogly Azerbaýjanly kärdeşleri bilen söhbetdeş boldylar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna telefon arkaly jaň etdi

1627814
Şentop we Çawuşogly Azerbaýjanly kärdeşleri bilen söhbetdeş boldylar

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow türk kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalary genosid hökmünde häsýetlendirmegine bildiren gynançlaryny belläp geçdiler. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowanyň özüne telefon arkaly jaň edip, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň beýanatyna bildiren gynançalaryny belläp geçendigini habar berdi. 

Mustafa Şentop: "Bu beýanatlaryň syýasydygy, taryhy we hukuk taýdan hiç hili ähmiýediniň bolmandygy, sebitiň parahatçylygyna goşant goşmajakdygy babatynda pikirdeşdigimizi gördüm. Hormatly Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa mizemezlik we takyklyk bilen biziň ýanymyzda bolanlygy üçin minnetdarlyk bildirýärin" diýip beýan etdi. 

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna telefon arkaly jaň etdi. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, telefon söhbetdeşliginde Jeýhun Baýramow, Türkiýä berýän goldawlaryny ýene-de bir gezek belläp geçdi we taryhyň ýoýulyp ýazylmagynyň kabul edilmejekdigini belläp geçdi. 



Degişli Habarlar