Türk Dünýäsinden Gelen Çagalar Bakuda Duşuşdy

Bakuda Milli häkimiýet we çagalar baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

1626670
Türk Dünýäsinden Gelen Çagalar Bakuda Duşuşdy

 

Azerbaýjanda, türk dünýäsinden gelen çagalaryň gatnaşmagynda 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Paýtagt Bakuda, Türk medeniýet we miras gaznasy tarapyndan geçirlen çärä, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Wengriýadan gelen çagalar gatnaşdy.

Türk medeniýet we miras gaznasynyň başlygy Günaý Efendiýewa çärede eden çykyşynda, gaznada Türki dilli ýurtlaryň baýdaklarynyň pasyrdandygyny we çagalaryň gaznany öz öýleri ýaly görmelidigini belledi.

Türki dilli ýurtlaryň arasyndaky ýokary gatnaşyklara ünsi çeken Efendiýewa, çagalaryň hem doganlyk ýurtlaryň medeniýetlerini tanamagynyň möhümdigini nygtady.



Degişli Habarlar