DKTR-na Ýene-de 40 Müň Doza Sanjym Kömegi Berildi

Türkiýäniň DKTR-na beren sanjymlarynyň sany 140 müň doza ýetdi

1624540
DKTR-na Ýene-de 40 Müň Doza Sanjym Kömegi Berildi

 

Türkiýe, täze görnüş koronawirusa garşy göreşiň çäginde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna ýene-de 40 müň doza Sinowak sanjymyny ugratdy.

Şeýlelikde Türkiýäniň DKTR-na beren sanjymlarynyň sany 140 müň doza ýetdi.

DKTR-nyň Premýer ministri Ersan Saner, Twitterden beren habarnamasynda “Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşimizi siziň halkymyz we Türkiýäniň berýän kömekleri bilen dowam etdirýäris. Şu gije Enewatan Türkiýeden ýene-de 40 müň doza Sinowak sanjymy ýurdumyza geler. Enewatan Türkiýä uly sagbolsun aýdýarys” diýdi.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #sanjym , #DKTR

Degişli Habarlar