Daşary Işler Ministri Çawuşogly DKTR-na Gitdi

“Milli gowgamyzy täze garaýyş bilen bilelikde goramak üçin #DKTR-da”

1622337
Daşary Işler Ministri Çawuşogly DKTR-na Gitdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, iş sapary bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna gitdi.

Ministr Çawuşogly, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde aprel aýynyň 27-29-y aralygynda BMG-nyň öňbaşçylyk etmeginde hemaýatkär ýurtlar Türkiýäniň, Gresiýanyň we Britaniýanyň gatnaşmagynda 5+1 formatynda geçiriljek Kipr temaly maslahatyň öňüsyrasynda DKTR-da saparda bolar.

Çawuşogly sapary hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Milli gowgamyzy täze garaýyş bilen bilelikde goramak üçin #DKTR-da” diýdi



Degişli Habarlar