Gazagystanyň Prezidenti Kowid-19 sanjymyny etdirdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew Kowid-19 sanjymyny etdirdi

1615940
Gazagystanyň Prezidenti Kowid-19 sanjymyny etdirdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan Sputnik V sanjymyny etdirdi. 

Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Berik Uali sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Prezident Kasym Jomart Tokaýewiň sanjymdan soň özüni gowy duýandygyny habar berdi. 

Berik Uali, Kasym Jomart Tokaýewiň ýurdyň Karagandy şäherinde ýerleşýän Derman kompleksinde öndürilen rus Sputnik V sanjymyny etdirendigini belläp: "Prezidentimiz ähli raýatlarymyzy ilkinji mümkinçilikde Kowid-19 sanjymyny etdirmäge çagyrýar" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar