Türk Ýaragly Güýçleri Azerbaýjanyň Harbylaryna Tälim Berýär

Türk ýaragly güýçleri Azerbaýjanyň ýany bilen Liwiýanyň, Somaliniň we Owganystanyň goşunlaryna hem tälim berýär

1613660
Türk Ýaragly Güýçleri Azerbaýjanyň Harbylaryna Tälim Berýär
tsk azerbaycan ordusu egitim1.jpg
tsk azerbaycan ordusu egitim.jpg

Türk ýaragly güýçleriniň saýlama toparlaryndan biri bolan mina we partlaýyjy maddalary ýok ediş hünärmenleri Azerbaýjanyň goşunyna tälim berýär.

Terrorçylaryň hyýanatçylykly duzaklaryny ortadan aýyrýan hünärmen topar, tejribelerini daşary ýurtly esgerler bilen alyşýar.

Şol ýurtlardan biri hem Azerbaýjan.

Harby tälimlerde agyr we çylşyrymly şertlerde döwrebap we ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen täze robotiki ulgamlar, dedektorlar we mina gözleg itleri bilen tejribe okuw-tälimi geçilýär.

Şygary “99 göterim üstünlik betbagtçylykdyr” bolan hünärmen toparyň maksady hem ýerlerde hem-de tälimlerde doly üstünlik gazanmak. Azerbaýjanyň goşunlary hem şol kadalara görä tälim alýar.

Hünärmen topar Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerine berýän täliminde mina we elde ýasalan partlaýyjylaryň nähili tapylmalydygyny we olaryň ýok edilişini soňky tehnologiýalar bilen düşündirýär.

Türk ýaragly güýçleri Azerbaýjanyň ýany bilen Liwiýanyň, Somaliniň we Owganystanyň goşunlaryna hem tälim berýär.



Degişli Habarlar