Söwda Ministri Pekjan, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi

Prezident Aliýew, türk halkynyň özlerine berýän goldawyndan hoşal

1613876
Söwda Ministri Pekjan, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi

 

Resmi sapar bilen Azerbaýjana giden Söwda ministri Ruhsar Penjan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Prezident Aliýew kabul edilşikde, türk halkynyň özlerine berýän goldawyndan hoşaldyklaryny nygtap, Daglyk Garabag söweşinde hem türk halkynyň özlerini ýalňyz goýmandygyny belledi.

Prezident R. T. Erdoganyň söweş döwründe beren beýannamalaryny takdyr eden Ilham Aliýew, türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň söweş hakyndaky habarlary dünýä halk köpçüligine ýetirmekdäki roly barada hem öwgüli sözler aýtdy.

Söwda ministri Ruhsar Pekjan hem Azerbaýjanyň gazanýan üstünlikleriniň özlerini buýsandyrýandygyny nygtady.

Türkiýäniň Garabag söweşinde Azerbaýjanda başdan geçirlen wakalar bilen ýakyndan gyzyklanandygyny, söweşde gazanylan ýeňişiň we Aliýewiň durmuşa geçirýän işleriniň türk halkyny buýsandyrýandygyny belledi.

Söwda ministri Ruhsar Pekjan Azerbaýjana guraýan saparynyň çäginde Premýer ministr Ali Asadow we Milli Mejlisiň başlygy Sahibe Gafarowa bilen hem duşuşdy.



Degişli Habarlar