Türk Geňeşi Türk Dünýäsi Bileleşigini döretmegi maksat edinýär

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Türk Geňeşiniň Türk Dünýäsi Bileleşigini emele getirmegi maksat edinýändigini habar berdi

1611476
Türk Geňeşi Türk Dünýäsi Bileleşigini döretmegi maksat edinýär

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, 31-nji martda wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçiriljek Türk Geňeşiniň resmi bolmadyk maslahatyndan öň beýanat berdi. 

Amreýew, güýz paslynda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilen resmi maslahata taýarlygyň çägindäki bu maslahata Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan döwletleriniň liderleri bilen birlikde, synçy ýurt bolan Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbanyň we Türkmenistanly resmileriň gatnaşjakdygyny mälim etdi. 

Türk Geňeşiniň Türk Dünýäsi Bileleşigini emele getirmegi maksat edinýändigini aýdan Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew: "Azerbaýjanyň Garabag ýeňişinden soň liderler ilkinji gezek bu maslahatda bir ýere jemlenerler. Şol sebäpli halkyň gözünde bu maslahatyň ähmiýeti artýar" diýip belledi. 

Amreýew, Gazagystanyň Türkistan şäheriniň Türk Dünýäsiniň ruhy merkezi hökmünde yglan edilmeginiň maslahatyň gün tertibinde boljakdygyny aýan etdi. 

Amreýew, Türk Dünýäsiniň Stambul, Samarkand, Buhara, Şuşa, Baku, Almata ýaly beýleki şäherleriniň hem gelejekde ýörite statusa eýe bolup biljekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar