Daşary Işler Ministri Çawuşogly Duşenbede Türk Işewürleri Bilen Duşuşdy

Ministr Çawuşogly, Aziýanyň Kalby-Stambul etabynyň ministrler derejesindäki 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistana gidipdi

1610186
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Duşenbede Türk Işewürleri Bilen Duşuşdy

Resmi sapar bilen Täjigistana giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Duşenbede türk işewürleri bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşogly, türk işewürleri bilen bolan duşuşygynda Türkmenistana, Özbegistana we Gyrgyz Respublikasyna sapar gurandygyny, soň Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi bilen duşuşandygyny ýatladyp, Orta Aziýa we Türk dünýäsi bilen edilýän gatnaşyklary pugtalandyrmak isleýändiklerini belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitterden sapary hakynda beren habarnamasynda, “Duşenbede ilkinji nobatda Täjigistan bilen edýän gatnaşyklarymyza uly goşant goşýan işewürlerimiz bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Ministr Çawuşogly, Täjigistan bilen Owganystanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Aziýanyň Kalby-Stambul etabynyň ministrler derejesindäki 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistana gidipdi.



Degişli Habarlar