Çawuşogly Türkmenistana Sapar Guraýar

Daşary işler ministri Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini beýan etdi

1596287
Çawuşogly Türkmenistana Sapar Guraýar

Ministr Çawuşogly 5-10-njy mart aralygynda Orta Aziýa ýurtlaryna guraýan saparynyň ilkinji duralgasy bolan Türkmenistanda, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşdy.

Çawuşogly duşuşykdan soň beren beýannamasynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň doganlyk ýurtlardygyny nygtap: “Gatnaşyklarymyzyň ýeten derejesi bizi kanagatlandyrýar, emma gatnaşykarymyzy hasam ösdürmek üçin prezidentlerimiziň liderlik etmeginde has köp işläris. Şu ýyl gatnaşyklarymyzyň hasam ösdürmek üçin möhüm şertler bar” diýdi.

Çawuşogly Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbangyly Berdimuhamedowyň, Prezident R.T.Erdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Erdogany ýurda çagyrandygyny aýtdy.

Ministr Çawuşogly Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň başlyklygyny kabul edip alandygyny we ýylyň ahyrynda bolsa sammitiň başlyklygyny hem Türkiýeden kabul edip aljakdygyny beýan edip: “28-nji noýabrda Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitini geçireris” diýdi.

Şu ýyl Türk geňeşiniň sammitini geçirip, döwürleýiň başlyklykk wezipesini Azerbaýjanda kabul edip almagy meýilleşdirýändiklerini aýdan Çawuşogly, Prezident Erdoganyň Berdimuhamedowy şol sammite çagyrandygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar