Ilham Aliýew, Dikuçar Heläkçiliginde Şehit Bolan Esgerler Üçin Duýgudaşlyk Bildirdi

"Size, şehitleriň hossarlaryna we türk halkyna, öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan duýgudaşlyk bildirýärin"

1595424
Ilham Aliýew, Dikuçar Heläkçiliginde Şehit Bolan Esgerler Üçin Duýgudaşlyk Bildirdi

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Bitlisde harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli şehit bolan esgerler üçin Türkiýä duýgudaşlyk bildirdi.

Aliýew, Prezident Erdogana ugradan ýüzlenmesinde “Harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli türk esgerleriniziň şehit bolandygy habary meni çuňňur gynandyrdy. Size, şehitleriň hossarlaryna we türk halkyna, öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan duýgudaşlyk bildirýärin, ýaralananlara şypa dileýärin. Alladan rehnet dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar