Azerbaýjanyň goşunyndan Daglyk Garabag söweşinde şehit bolanlaryň sany artdy
Azerbaýjanyň goşunyndan Daglyk Garabag söweşinde 2 müň 881 esger şehit boldy
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda başlan we 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Ermenistanyň ýeňilişini kabul etmegi bilen tamamlanan söweşdäki adam ýitgileri bilen bagly maglumatlar täzelendi.
Ozal 2 müň 855 diýip aýan edilen şehit bolan adamlaryň sany, ýogalan käbir esgerleriň jesetleriniň tapylmagy we şahsyýetleriniň anyklanmagy bilen 2 müň 881-e ýetendigi habar berildi.
28 esgeriň hem dereksiz ýitendigi aýan edilen beýanatda, jaýlanan şehit esgerleriň atlary mälim edildi.
Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda 5 şäher merkeziniň, 4 şäherçäniň we 286 obanyň halas edilmeginden soň Ermenistan ýeňilendigini kabul edipdi we Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlaryndan çekilmek üçin şertnama gol goýupdy.
Ermenistanyň goşunlary 20-njy noýabrda Agdamdan, 25-nji noýabrda Kelbejerden we 1-nji dekabrda hem Laçyndan çekilipdi.