Azerbaýjandan Ermenistana çagyryş

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi, Ermenistandan Azerbaýjanyň topraklarynyň çäginde esgerlerini bikanun ýagdaýda ýerleşdirmegini bes etmegini talap etdi

1592281
Azerbaýjandan Ermenistana çagyryş

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, iki ýurdyň arasynda 10-njy noýabrda ähli harby aksiýalaryň bes edilmegini öz içine alýan umumy beýannama gol çekilmeginden soň, Ermenistanyň ýaragly güýçlerine degişli harbylary, Azerbaýjanyň  harby guramalar tarapyndan ykrar edilen territoriýasyna harby hyzmat üçin ugradyldy. 

Onuň halkara hukugyň düzgünleriniň we ýörelgeleriniň, esasan hem ýurtlaryň özygtyýarlylygynyň we territorial bütewiliginiň açyk ýagdaýdaky düzgün bozmasydygy beýan edildi. 

Beýanatda: "10-njy noýabrda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, rus harby güýçleriň Azerbaýjanyň topraklarynda ýerleşdirilmegini, Ermenistanyň goşunynyň bolsa bu topraklardan çykmagyny öz düzüminde jemleýär. Ylalaşyga laýyklykda şeýle hem Laçyn koridory bilen her ugur boýunça raýatlaryň, ulaglaryň we ýükleriň howpsuzlygyny kepillik astyna alýar. Bu koridoryň harby maksatlar bilen ulanylmagy, harbylaryň ýönekeý raýatlaryň egin-eşikleri bilen we raýat ulaglary bilen daşalmagy, Laçyn korodorynyň üsti bilen hereket edilmegi hem ylalaşygyň düzgün bozulmasydyr. Ermenistanyň bu ädimleri, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi bilen bagly tagallara päsgelçilik berýär we ýagdaýy has hem erbetleşdirýär" diýip aýan edildi. 

Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň Azerbaýjanyň topraklarynda bikanun ýagdaýda ýerleşmegini bes etmeginiň talap edilendigi beýanatda, halkara jemgyýetiň Ermenistanyň bu öjükdiriji aksiýalaryny bes etmegi üçin gerek bolan çäreleri görmek barada çagyryş berildi. 



Degişli Habarlar