“Jan Azerbaýjanyň Gussasyny Ýüregimizde Duýýarys we Bölüşýäris”

Türkiýe ermenileriň 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda eden “Hojaly gyrgynçylygy” mynasybetli duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap edi

1591279
“Jan Azerbaýjanyň Gussasyny Ýüregimizde Duýýarys we Bölüşýäris”

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda Ermenistanyň harby goşunlary tarapyndan Azerbaýjanyň Ýokary Garabag Awtanomiýasynyň Hojaly şäherine guralan hüjümlerde zelanlar we çagalar bilen birlikde asuda ilatdan 613 azerbaýjanlynyň gyrylandygy, ýüzlerçe Azerbaýjan raýatynyň ýaralanandygy ýatladylýar.

Şol hüjümlerde müňden gowrak adamyň ýesir düşendigine, dereksiz ýitenleriň ykbalynyň näbelli bolmagynda galýandygyna üns çekilýän beýannamada: “Dünýäniň gözüniň öňünde başdan geçirilen Hojaly gyrgynçylygynyň gam-gussasynyň henizem ýatdan çykmandygyny bilýäris, jan Azerbaýjanyň gussasyny ýüregimiziň çuňlugynda duýýarys we bölüşýäris. Hojalydaky wagşy gyrgynçylykda pida bolan azerbaýjanly doganlarymyza alladan rehnet dileýäris, jan Azerbaýjanyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris we pida bolanlaryň eziz ruhlarynyň öňünde hormat bilen baş egýäris” diýilýär.

Beýannamada, pursatdan peýdalanyp Azerbaýjanyň basylyp alynan ýerlerini azat eden we ýurtlaryndan jyda düşen bir milliona barbar azerbaýjanla dogduk diýaryna dolanmaga mümkinçilik döreden Watançylyk söweşinde gurban bolan şehitleriň ýene-de bir gezek rehnet we hormat bilen hatyralanýandygy nygtalýar.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Twitterden beren habarbamasynda: “29 ýyl ozal Hojalyda wagşylarça gyrylan azerbaýjanly doganlarymyzy rehnet bilen hatyralaýaryn. Bu gumanitar jenaýaty ýatdan çykarmadyk, çykarmarys” diýip ýazdy.

 



Degişli Habarlar