Ilham Aliýew Rejep Taýýip Erdogany dogulan güni bilen gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogany dogulan güni bilen gutlady

1590562
Ilham Aliýew Rejep Taýýip Erdogany dogulan güni bilen gutlady

Azerbaýjanyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanata görä, Aliýew Erdogana gutlag hatyny ugradyp, Türkiýäniň abadançylygy üçin edýän işlerinde üstünlik arzuw etdi we berk jan saglyk diledi. 

Ilham Aliýew gutlag hatynda, Türkiýäniň möhüm durmuş-ykdysady we ylmy taýdan öňe gidişlikler edip, global derejede garaşsyz bir syýasat alyp barýan bir güýç ýagdaýyna gelendigini, şol üstünlikleriň bolsa Erdoganyň edýän işleriniň saýasynda gazanylandygyny mälim etdi. 

Halklaryň ygtyýaryna we "Bir millet, iki döwlet" ýörelgesine esaslanýan Azerbaýjan-Türkiýe gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ýokary derejede bolmagyna buýsanýandygyny aýdan Aliýew: "Dostluga we doganlyga esaslanýan döwletara gatnaşyklarymyzy bu derejä ýetirmekde şahsy ýagdada siziň çäksiz roluňyz bar. Köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzy we strategik hyzmatdaşlygymyzy has hem güýçlendirmek tutanýerliligiňiz, Azerbaýjanyň topraklarynyň basyp alyşlykdan azat edilmeginde her görnüşde açyk we ikirjiňlenmeden beren ruhy we syýasy goldawyňyz, halkymyz tarapyndan örän takdyr edilýär. Her ugurda giňişleýin, täsirli we işjeň hyzmatdaşlygymyzyň, halkara gatnaşyklarda ikitaraplaýyn ynama we goldawa esaslanýan tutanýerli pozisiýamyzyň we işlerimiziň ýurtlarymyzyň ilerledilmegine we halklarymyzyň durnuklylygyna hyzmat etmäge dowam etjekdigine ynanýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar