Çawuşogly Meredow Bilen Duşuşdy

Duşuşykda özara we sebitara meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy

1589260
Çawuşogly Meredow Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä getirilmegi we Türkiýeden üstaşyr Ýewropa ýetirilmegi üçin Türkiýäniň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge taýardygyny nygtady.

Mewlüt Çawuşogly bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özara we toparara gepleşiklerden soň Daşary işler ministrliginde metbugata beýannama berdi.

Özara we toparara gepleşiklerde iki ýurduň haýsy ugurlarda nämeler edip biljekdigini ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtan Çawuşogly, şol çäkde taýarlanjak iş meýilnamasynyň gözden geçirlendigini belledi.

Türk firmalarynyň Türkmenistanda hyzmatdaşlyga taýardygyna ünsi çeken Çawuşogly “Biz,Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä getirilmegi we Türkiýeden üstaşyr Ýewropa ýetirilmegi üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýar”diýdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem duşuşykda özara söwda we ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryna ünsi çekdi.

Meredow “Energetika, transport we ýokary tehnalogiýa ýaly ugurlarda birlikde dürli taslamalary durmuşa geçirip bileris. Biz bu ugurlarda ýörite meýilnamalarymyzy taýarlarys we türk dostlarymyza teklip ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar