DKTR-nyň Saglygy Goraýyş Ministri Ali Pilli Wezipesinden Boşadyldy
Premýer ministri Saner ministrler kabinetiniň düzümini üýtgetdi.
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Ersan Saner, Saglygy goraýyş ministri Ali Pillini wezipesinden boşadyp ýerine Gurluşyk we ulaglar ministri Ünal Üsteli belledi.
DKTR-nyň Premýer ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Premýer ministri Saner ministrler kabinetiniň düzümini üýtgetdi.
Premýer ministr Saner, Saglygy goraýyş ministri Ali Pillini wezipesinden boşadyp ýerine Gurluşyk we ulaglar ministri Ünal Üsteli belledi.
Gurluşyk we ulaglar ministri Ünal Üsteliň ýerine bolsa Milli Jebislik partiýasynyň halk deputaty Resmiýe Janaltaý bellendi.
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, ministrler kabinetiniň düzümine girizilen üýtgetmäni tassyklady.
Degişli Habarlar
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýede Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz, özara söwda mukdaryny 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini belledi.
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýä Geldi
Ali Asadow ilki bilen Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen duşuşdy.