Prezident Erdogan DKTR-nyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1586572
Prezident Erdogan DKTR-nyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

DKTR-nyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Prezident Erdogan Ersin Tataryň üsti bilen Kipr türk halkyny Regaýp Kandili bilen gutlady.

Iki lideriň arasynda geçen telefon arkaly söhbetdeşlikde, Kipr meselesi boýunça soňky hadysalar bilen birlikde, koronawirus epidemiýasy we sanjym meselesi ara alynyp maslahatlaşyldy.  

Prezident Erdogan, Kipr türk halkynyň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşinde ýalňyz bolmandygyny, ellerinden gelen kömegini ozal bolşy ýaly mundan soň hem etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi. 

Ersin Tatar hem öz gezeginde Prezident Erdogany we türk milletini Regaýp Kandili bilen gutlady. 

Hemişe bolşy ýaly, mundan soň hem Türkiýe Respublikasy bilen ýakyn we netijeli gatnaşyklaryň dowam etjekdigini aýdan Ersin Tatar, Prezident Erdogana Kipr türk halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar