Türkiýe Azerbaýjana Goldaw Bermäge Dowam Eder

Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Asadow Türkiýede saparda bolýar

1586188
Türkiýe Azerbaýjana Goldaw Bermäge Dowam Eder

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Türkiýede saparda bolýan Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Asadow bilen duşuşdy.

Fuat Oktaý, Prezidentiň kompleksinde bolan duşuşykda, Premýer ministr Asadowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti milletiň öýünde, öz öýlerinde myhman almakdan hoşaldyklaryny nygtady.

Prezident R.T. Erdoganyň görkezmesi bilen 30 ýyldan bäri basyp alyşlyk astynda bolan Garabagyň ermeni basyp alyşlygyndan halas edilmegi üçin guralan operasiýada Azerbaýjana ýakyndan goldaw berendiklerine ünsi çeken Oktaý, “Biz bir millet we muny görkezeris, diňe söweş meýdanlarynda däl eýsem ýurduň ýaňadandan dikeldilmeginde hem size ýakyndan goldaw bereris” diýip belledi.

Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Asadow bolsa Türkiýäniň Garabag meselesinde bolşy ýaly täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde hem özlerine uly goldaw berendigini nygtady we Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.



Degişli Habarlar