Türkiýe-Azerbaýjan IX Bilelikdäki ykdysady toparyň maslahaty geçiriler

Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Asadow we ýanyndaky wekiliýet, Türkiýe-Azerbaýjan IX Bilelikdäki ykdysady toparyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýä iş saparyny gurar

1585472
Türkiýe-Azerbaýjan IX Bilelikdäki ykdysady toparyň maslahaty geçiriler

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň çakylygyna laýyklykda şu gün Türkiýä geljek Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Asadow, ertir Fuat Oktaý bilen duşuşyk geçirer, ondan soň bolsa Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan kabul ediler. 

Oktaý we Asadow, Bilelikdäki ykdysady toparyň çäginde Daşary Ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) koordinasiýasynda geçiriljek we iki ýurtdan jemi 150 pudagyň wekilleriniň gatnaşjak Türkiýe-Azerbaýjan Işewürler forumynyň maslahatyna ýolbaşçylyk ederler. 

Türkiýe-Azerbaýjan IX Bilelikdäki ykdysady toparyň maslahaty bolsa 19-njy fewralda Oktaýyň we Asadowyň gatnaşmagynda geçiriler. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Asadow bilen geçirjek ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň, Prezidentiň kompleksinde iki ýurdyň arasyndaky şertnamalaryň gol çekilşik dabarasy geçiriler. 

Alynan maglumata görä, döwlet we hususy pudaklardaky söwda ylalaşyklarynyň göwrüminiň 100 million dollardan geçmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar