DKTR-nyň Prezidenti Tatar Britaniýanyň Daşary işler ministri Raaby kabul etdi

Ersin Tataryň Dominik Raab bilen duşuşygy takmynan 1 sagat dowam etdi

1577936
DKTR-nyň Prezidenti Tatar Britaniýanyň Daşary işler ministri Raaby kabul etdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Raaby düýn Nikosiýada kabul etdi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar duşuşykdan soň beren beýanatynda 5+1 formatynda geçiriljek Kipr konferensiýasy bilen baglanşykly möhüm meseleleri maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Adada durnuklylygyň diňe iki döwletiň biri-birini ykrar etmegi bilen amala aşyryp boljakdygyny aýdan Ersin Tatar, iňlis ministriniň meselä bildirýän gyzyklanmasyna hoşallyk bildirendigini mälim etdi. 

Ersin Tatar, Dominik Raab bilen kiprli türkleriň Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden aýrylmagy bilen nädip has köp peýda görüp biljekdigi bilen bagly meseläni maslahatlaşandyklaryny, iňlis ministriň bu mesele bilen ýakyndan gyzyklanjakdygyny aýdandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar