Gyrgyz Respublikasynyň 6-njy Prezidenti Japarow Kasam Edip Wezipesine Başlady

Japarowyň paýtagt Bişkekde geçirlen kasam ediş dabarasyna 1000-den gowrak myhman gatnaşdy

1573083
Gyrgyz Respublikasynyň 6-njy Prezidenti Japarow Kasam Edip Wezipesine Başlady

 

Gyrgyz Respublikasynyň 6-njy prezidenti Sadyr Japarow, kasam edip wezipesine başlady.

10-njy ýanwarda geçirlen irki prezident saýlawynda sesleriň 79,20 göterimini alan Japarowyň paýtagt Bişkekde geçirlen kasam ediş dabarasyna 1000-den gowrak myhman gatnaşdy.

Dabara oktýabr aýynyň 5-15-i aralygynda geçirlen protest ýörişleri sebäpli prezident wezipesinden çekilen Sooronbaý Jeenbekow hem gatnaşdy.

Ýurdunyň agyr günlerinde özlerine beren goldawy üçin Russiýa sagbolsun aýdan Japarow, Türkiýe bilen özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegini isleýändiklerini nygtady.

Sadyr Japarow Orta Aziýa, Hytaý, ABŞ we Ýewropa ýurtlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin tagalla etjekdiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar