Mewlüt Çawuşogly Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1571613
Mewlüt Çawuşogly Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Azerbaýjanyň daşary işler ministrliginden telefon söhbetdeşligi bilen bagly berilen beýanatda, Mewlüt Çawuşoglynyň we Jeýhun Baýramowyň Nigeriýanyň suw giňişliginde hüjüme sezewar bolan Mosart atly gäminiň ekipažyndan, ýogalan Azerbaýjanyň raýaty bolan agzasynyň jynazasynyň ýurduna getirilmegi üçin koordinasiýanyň alynyp barylmagy babatynda pikir alyşylandygy mälim edildi. 

Liberiýanyň baýdagyny göterýän Mosart atly gämi 23-nji ýanwarda Nigeriýanyň Lagos şäheriniň takmynan 180 km uzaklygynda suw giňişliginde deňiz garakçylarynyň hüjümine sezewar galypdy. 

Logos şäherinden Günorta Afrika döwletiniň Keýptaun şäherine barýan gämidäki 19 adamlyk ekipaždan 15-si zamun alynypdy, Azerbaýjanyň raýaty bolan 1 adam bolsa öldürilipdi. 

Gämi 3 adamlyk ekipaž bilen Gabonyň Port-Žantil portyna tarap hereket edipdi. 

Gäminiň ekipažyndan bolan Azerbaýjanyň raýatynyň jynazasy, şu gün agşam uçar bilen Gabondan Stambula getiriler, ertir irden bolsa Azerbaýjana ugradylar.  



Degişli Habarlar