Ilham Aliýew, Eýranyň Daşary Işler Ministri Jawad Zarifi Kabul Etdi

“Diňe dost ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk ederis"

1570729
Ilham Aliýew, Eýranyň Daşary Işler Ministri Jawad Zarifi Kabul Etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen ýerleriň ýaňadandan dikeldilmegi üçin hususy maýadarlar we döwlet eýeçiligindäki kärhanalar üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtady.

Aliýew “Diňe dost ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk ederis. Eýranly firmalaryň geografiýa taýdan bize ýakyn bolmagy we uly tejribä eýe bolmaklary ýaly uly mümkinçigi bar” diýdi.

Prezident Aliýew, ýurdunda saparda bolýan Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarifi kabul etdi.

Aliýew kabul edilşikde, soňky ýyllarda Eýran bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ykdysady, transport we energetika ýaly ugurlarda edilýän ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini belledi.

Aliýew, basyp alyşlykdan halas edilen ýerleriň ýaňadandan dikeldilmeginde eýranly firmalaryň ýer almagyndan hoşal boljakdyklaryny nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministri Zarif hem, Aliýewi we azerbaýjanyň halkyny gazanan ýeňişleri bilen gutlady.

Zarif, Azerbaýjanyň ýeňişiniň sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň başlangyjy bolmagyny umyt edýändigini belledi.



Degişli Habarlar