Şuşa Şäheriniň 2020-nji Ýylda Türk Dünýäsiniň Medeniýet Paýtagty Bolmagy Teklip Edildi

Azerbaýjanyň goşunlary Şuşany 2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda basyp alyşlykdan halas edipdi

1567064
Şuşa Şäheriniň 2020-nji Ýylda Türk Dünýäsiniň Medeniýet Paýtagty Bolmagy Teklip Edildi

 

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Baghdad Amreýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Azerbaýjanyň Şuşa şäheriniň, 2022-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagty bolmagyny teklip etdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Türk Geňeşiniň Baş sekretary Baghdad Amreýew, Halkara Türk medeniýeti guramasy TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow we Halkara Türk medeniýet we miras gaznasynyň başlygy Günaý Efendiýewa bilen duşuşdy.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen duşuşykda söz sözlän Prezident Aliýew, Şuşa şäheriniň ýurduň “medeniýet paýtagty” hökmünde yglan edilendigini nygtady we şäheriň ýaňadandan dikeldilmeginden soň ýerleşişi, taryhy we medeni baýlyklary bilen diňe Azerbaýjanyň däl eýsem tutuş sebitiň medeniýet paýtagty bolup biljekdigini belledi.

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Baghdad Amreýew hem her ýyl bir şäheri Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagty hökmünde yglan edýändiklerini ýatladyp, “2022-nji ýylda Şuşanyň “medeniýet paýtagty” hökmünde yglan edilmegini we Şuşada medeni çäreleriň geçirilmegini teklip edýäris. Eger rugsat berseňiz biz işe girişeliň we 2022-nji ýylda Şuşada 20-ä golaý çäre geçireliň.  Şol güne çenli Şuşanyň ýaňadandan dikeldiljekdigine doly ynanýarys. Biz hemişe size goldaw berdik we goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Şuşa şäheri Azerbaýjanyň taryhynyň we medeniýetiniň esasy simwollaryndan biri bolmak bilen birlikde geografik ýerleşişi hem-de Daglyk Garabagyň iň uly şäheri Hankendä tarap gidýän ýoluň ugrunda ýerleşýändigi sebäpli strategiýe taýdan esasy orun eýeleýär.

Şuşa 1992-nji ýylyň 8-nji maýynda Ermenistanyň goşunlary tarapyndan basylyp alnypdy.

Azerbaýjanyň goşunlary Şuşany 2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda basyp alyşlykdan halas edipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar