Ilham Aliýew, Fuzuli Şäherinde Täze Howa Menziliniň Gurluşygyna Badalga Berdi

"Howa menzili halkara ülňülerine laýyklykda gurlar we 1 ýylda ulanylmaga berler"

1564591
Ilham Aliýew, Fuzuli Şäherinde Täze Howa Menziliniň Gurluşygyna Badalga Berdi

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Fuzuli şäherinde täze howa menziliniň gurluşygyna badalga berdi.

Ilham Aliýew, aýaly Mihriban Aliýewa we gyzy Leýla Aliýewa bilen Fuzuli-Şuşa gara ýolunyň we Fuzuli howa menziliniň gurluşygyna badalga berdi.

Dabarada çykyş eden Aliýew, howa menziliň halkara ülňülerine laýyklykda guruljakdygyny we 1 ýylda ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.

Fuzuli bilen Şuşanyň biri-birina has ýakyndygyny aýdan Aliýew, daşary ýurtdan geljek myhmanlaryň aňsatlyk bilen Şuşa barmaklary üçin howa menziliniň Fuzuli şäherinde guruljakdygyny ýatlatdy.

Basyp alyşlykdan halas edilen şäherlerde ikinji howa menziliniň Kelbejer ýa-da Laçyn şäherlerinde guruljakdygyny belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew maşgalasy bilen birlikde basyp alyşlykdan soň ilkinji gezek taryhy Şuşa şäherine bardy.



Degişli Habarlar