DKTR-na 20 Müň Doza Sinovac Sanjymy Ugradyldy

“Şu gün irden Türkiýe Respublikasyndan tiz kömek uçar bilen 20 müň doza Sinovac sanjymy ýurdumyza getirildi”

1563461
DKTR-na 20 Müň Doza Sinovac Sanjymy Ugradyldy

 

Türkiýe, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna 20 müň doza Sinovac sanjymyny ugratdy.

DKTR-nyň Saglygy goraýyş ministri Ali Pilli mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda “Şu gün irden Türkiýe Respublikasyndan tiz kömek uçar bilen 20 müň doza Sinovac sanjymy ýurdumyza getirildi” diýdi.

Sanjym tapgyrynyň ertir ýada şenbe güni başlajakdygyny aýdan ministr Pilli “Sanjymlar ilkinji etapda 9 merkezimizde başlar. İlkinji nobatda saglygy goraýyş işgärlerimize sanjym ediler”diýdi.

Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogana we Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, DKTR-na berýän goldawlary üçin öz adyndan we ýurdunyň adyndan sagbolsun aýdan DKTR-nyň Saglygy goraýyş ministri Ali Pilli “Türkiýe, hemişe bolşy ýaly Kowid-19-a garşy göreşde hem bize uly kömek berdi” diýip belledi.



Degişli Habarlar