DKTR-nyň Esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaş Uly Hormat Bilen Hatyralandy

"Mehrum lidere minnetdarlyk bildirýäris"

1562956
DKTR-nyň Esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaş Uly Hormat Bilen Hatyralandy

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň esaslandyryjy prezidenti Rauf Raif Denktaş aradan çykan gününiň 9-njy ýylynda Lefkoşadaky gubyrynyň başynda hatyralandy.

Hatyralama çäresine Prezident Ersin Tatar, Jemhuriýet Mejlisiniň başlygy Teberrüken Uluçaý, Premýer ministr Ersan Saner, DKTR-nyň ikinji prezidenti Mehmet Ali Talat, ministrler, halk deputatlary, Türkiýäniň DKTR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Murat Başçeri bilen birlikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we uly halk köpçüligi gatnaşdy.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, hatyralama çäresinde eden çykyşynda, Kipr türkleriniň 1960-njy ýylda gurlan Kipr Respublikasynyň deň hukuklyga eýe bolmagy bilen Türkiýäniň Kiprda hemaýatkär ýurt bolmagy üçin baglaşylan şertnamalarda Rauf Denktaşyň uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny belledi we bu meselede özleriniň mehrum lidere minnetdardyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar