Sowalnamalara Görä, Gazagystanda Geçirlen Saýlawda Nur Otan Partiýasy Üstünlik Gazandy

Nur Otan partiýasy saýlawda sesleriň 72,1 göterimini aldy.

1560946
Sowalnamalara Görä, Gazagystanda Geçirlen Saýlawda Nur Otan Partiýasy Üstünlik Gazandy

Geçirlen sowalnamalara görä, Gazagystanda geçirlen halk deputatlygy saýlawynda häkimiýetiň başyndaky Nur Otan partiýasy üstünlik gazandy.

Demokratiýa instituty tarapyndan 263 şäherde we 237 obada jemi 500 saýlaw merkezinde geçirlen sowalnama görä, Nur Otan partiýasy saýlawda sesleriň 72,1 göterimini aldy.

Ak Ýol Demokratiýa partiýasy sesleriň 10,27 we Gazagystan Halk partiýasy sesleriň 9,54 göterimini aldy.

Ady agzalýan sowalnama 20 müň saýlawçy gatnaşdy.

Gazagystanyň esaslandyryjy Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, saýlawyň netijeleriniň belli bolmaga başlamagyndan soň Nur Otan partiýasynyň saýlaw merkezine bardy.

Ozalky prezident Nazarbaýew, 2019-njy ýylyň 19-njy martynda wezipesinden çekilendigine garamazdan hämiýetiň başyndaky Nur Otan partiýasynyň başlygy wezipesini dowam etdirýär.

Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawa bolan gatnaşygyň 63,3 göterimdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar