Kipr Bilen Arabaglanşykly Ugurlarda Ene Watan Türkiýe Bilen Birlikde Karar Kabul Edýäris

DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugruloglu Anadoly Habarlar gullugyna beýannama berdi

1550639
Kipr Bilen Arabaglanşykly Ugurlarda Ene Watan Türkiýe Bilen Birlikde Karar Kabul Edýäris

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugruloglu, Kipr meselesi bilen arabaglanşykly her bir ugurda ene watan Türkiýe bilen birlikde karar kabul edýändiklerini we şeýle bolmagynda galjakdygyny aýtdy.

Ministr Ertugruloglu, Anadoly Habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Kipr meselesiniň milli meseledigini, Kipriň grek tarapyny sylaglandyrýan we Kipr türklerini jezalandyrýan etabyň we halkara syýasatyň indi bes edilmelidigini nygtady.

Ertugruloglu, ýakynda BMG-nyň öňbaşçylygynda hemaýatkär ýurtar Türkiýäniň, Gresiýanyň we Britaniýanyn gatnaşmagynda 5+1 formatynda Kipr konferensiýasynyň geçirlip bilinjekdigini aýtdy.

Türkiýe bilen DKTR-nyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Ertugruloglu, “Kipr meselesi bilen arabaglanşykly her bir ugurda ena watanymyz bilen birlikde karar kabul edilýär we şeýle bolmagynda hem galar, sebäbi bu milli mesele” diýdi.

 



Degişli Habarlar