Azerbaýjanlylar Ermenistanyň Daglyk Garabag bilen bagly şertnanama gol çekmeginden hoşal

Azerbaýjanlylar, Ermenistanyň Daglyk Garabagdaky basyp alyşlygyny bes edýän şertnama gol çekmegini meýdançalarda we köçelerde belläp geçdiler

1525048
Azerbaýjanlylar Ermenistanyň Daglyk Garabag bilen bagly şertnanama gol çekmeginden hoşal
KARABAG .4.jpg
KARABAG .3.jpg
KARABAG .2.jpg
KARABAG .1.jpg

Azerbaýjanlylar, Prezident Ilham Aliýewiň halka ýüzlenip eden çykyşyndan soň, köçelere we maýdançalara çykdylar. 

Ýurdyň paýtagty Bakuda şanly waka giňden bellenilip geçildi. Müňlerçe adam ellerinde Azerbaýjanyň we Türkiýäniň baýdaklary bilen köçeleri we şäheriň meýdançalaryny doldurdylar. 

Azerbaýjanlylar köçelerde tans edip, biri-birlerini gutladylar, ulaglary bilen şäheriň köçelerinde aýlandylar. 

Milli senanyň we halk aýdymlaryň ýerine ýetirilen çärelere gatnaşan raýatlar, begençlerinden ýaňa göz ýaşlaryny dökdüler. 

Ýurdyň iň uly 2-nji şäheri bolan Genjede hem adamlar, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen sebitler üçin dabaralar geçirdiler. 

Ýüzlerçe adam ellerindäki Azerbaýjanyň we Türkiýäniň baýdagy bilen Genje şäherindäki Azatlyk meýdançasyna bardylar. 

"Şehitler ölmez, watan bölünmez", "Iň güýçli esger biziň esger", "Garabag biziňkidir, biziňki bolup galar" we "Başyňy dik tut şehit bolan esgeriň enesi" ýaly şygarlar aýdan raýatlar, ol ýerden bolsa Haýdar Aliýew ýadygärligine tarap ýörediler. 

Raýatlar dabaralaryny şol ýerde dowam etdirdi. 



Degişli Habarlar