Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ýene-de adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, köpçülikleýin bidüzgünçilikler sebäpli ýurdyň paýtagty Bişkek şäherinde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi

1507583
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ýene-de adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanatda, Jeenbekowyň 3 gün ozal yglan eden we parlament tarapyndan tassyklanmadyk adatdan daşary ýagdan bilen bagly karara täzeden gol çekendigi mälim edildi. 

Adatdan daşary ýagdaý şu günden başlap, ýerli wagt bilen sagat 05:00-a çenli öz güýjüni gorar. Karara laýyklykda her gün 22:00-dan 05:00-a çenli köçä çykmak gadagan ediler. 

Beýleki tarapdan Gyrgyzystanyň Ýaragly güýçlerine degişli esgerler şäheriň girelgesinde, polisiýa gullugynyň işgärleri bolsa şäheriň içinde gözegçilik işlerini alyp bararlar. 

Ýurtda 4-nji oktýabrda geçirilen umumy saýlawlardan soň bellenen çäkden geçip bilmedik 12 syýasy partiýanyň tarapdarlary demonstrasiýa geçiripdiler. 

Demonstrantlar Prezident köşgüne we parlament binasyna giripdiler we olary talapdylar.  



Degişli Habarlar