Azerbaýjan: "Ermenistan S-300 raketa ulgamlaryny herekete geçirdi"

Azerbaýjan, Ermenistanyň S-300 raketa goranyş ulgamlaryny Ýeriwandan Azerbaýjanyň goşunynyň operasiýa geçirýän sebitlerine tarap herekede geçirendigini habar berdi

1499602
Azerbaýjan: "Ermenistan S-300 raketa ulgamlaryny herekete geçirdi"

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Wagif Dergahly beren beýanatynda: "Ýeriwanyň howa giňişligini goraýan S-300 raketa ulgamlarynyň basylyp alynan topraklarymyza tarap hereket edendigi barada maglumat aldyk. Raketa ulgamlary, basylyp alynan topraklaryna gireninden soň Azerbaýjanyň goşuny tarapyndan ýok ediler" diýip mälim etdi. 

Wagif Dergahly, S-300 raketa ulgamlarynyň Azerbaýjanyň goşuny tarapyndan ýok edilen beýleki harby enjamlar bilen birlikde şol bir ykbaly paýlaşjakdygyny belläp, soňky çaknyşyklaryň Ermenistanynyň goşunynyň ýeňilmezdigi baradaky öňe sürmeleriň hekaýadan ybaratdygyny ýene-de bir gezek subut bolandygyny beýan etdi. 

Ermenistan tarapynyň Azerbaýjanyň çaknyşyklarda F-16 kysymly uçarlary ulanýandygy baradaky öňe sürmeleriň hem üstünde durup geçen Dergahly: "Ermeni tarapynyň Azerbaýjanyň Harby-howa güýçlerine degişlidigini öňe süren, urulyp ýere gaçyrylan F-16-lar bilen baglanşykly habarlar ýalandyr we prowokasiýadyr. Harby-howa güýçlerimiziň inwentarynda F-16 kysymly uçarlarymyzyň bolmandygyny beýan edýäris. Şol sebäpli bar bolmadyk bir zadyň ýok edilmeginiň mümkin däldigini ýatladýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar