“Azerbaýjan Bilen Söwda Mukdarymyzy Artdyrmagy Maksat Edinýäris”

Söwda ministri Ruhsar Pekjan Azerbaýjan bilen söwda mukdaryny artdyrmagy maksat edinýändiklerini beýan etdi

1488937
“Azerbaýjan Bilen Söwda Mukdarymyzy Artdyrmagy Maksat Edinýäris”

Söwda ministrliginden berilen beýannama görä ministr Pekjan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlygy Sahibe Gafarowa bilen duşuşdy.

Pekjan ministrlikde geçirilen duşuşykda sözlän sözünde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň dost we dogan ýurtlardygyny beýan edip, sapara kanagatlanma bildirdi.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda 2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň geçirilendigini we şol maslahatda özara söwda mukdaryny artdyrmak taýdan esasy başlangyçlardan biri bolan İslege bagly söwda şertnamasyna gol çekişilendigini ýatladan Pekjan: “Ylalaşygyň tassyklanyş tapgyrynyň Azerbaýjanda tamamlanmagy bizi kanagatlandyrýar. Biz hem tassyklanyş tapgyryny Mejlisimiz işe başlan badyna enşalla tamamlarys. Maksadymyz Azerbaýjan bilen Erkin söwda şertnamasyna gol çekişmek” diýdi.



Degişli Habarlar