Çingiz Aýtmatow hatyralandy

Türk dünýäsiniň abraýly ýazyjylaryndan merhum Çingiz Aýtmatow doglan gününiň 91-nji ýylynda Bişkekde hatyralandy

1322400
Çingiz Aýtmatow hatyralandy

Ata Beýit gonamçylygynda ýerleşýän Aýtmatowyň gubyryna gül desseleri goýuldy, gurhandan aýatlar okaldy.

Çingiz Aýtmatowyň aýaly Mariýa Aýtmatowa: “91 ýyl ozal beýik adam dünýä indi. Ýazan eserleri bilen halkyny we ýurduny dünýä tanatdy. Biziň halkymyz onuň ukybyndan we eserlerinden ylham almaga dowam etmeli, onuň nesihatlaryny berjaý etmeli, dogruçyl bolmaly we watanyna hyzmat etmeli” diýdi.

Beýleki tarapdan paýtagt Ankaranyň Keçirören etrabyndaky Çingiz Aýtmatow adyndaky seýilgähde meşhur ýazyjynyň heýkeli açyldy.

Açylyşa Prezident R.T.Erdoganyň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Keçiröreniň häkimi Ugur Bulut, Keçiören minusipial edarasynyň başlygy Turgut Altynok, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýedäki İlçisi Kuanyçbek Ömüraliýew, myhmanlar we metbugat işgärleri gatnaşdylar.



Degişli Habarlar