Gyrgyzystanda Garaşsyzlyk güni dabara bilen bellenilip geçildi

Gyrgyzystanda 31-nji awgust Garaşsyzlyk güni biri-birinden tapawutly dabaralar bilen bellenilip geçildi

1261488
Gyrgyzystanda Garaşsyzlyk güni dabara bilen bellenilip geçildi

Bişkek şäheriniň häkimligi, Gyrgyzystanyň garaşsyzlygynyň 28-nji ýyllygy mynasybetli ýurdyň paýtagtynyň merkezindäki Ala-Too meýdançasynda dabara geçirdi.

Ala-Too meýdançasynda gurulan uly sahnada, Gyrygyzstanyň taryhynda döwlet we jemgyýet üçin hyzmat eden beýik şahsyýetleriň döwlet ýolbaşçylaryna we halka beren nesihatlary teatr sahnasy hökmünde sahnalaşdyryldy. 

Halka saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik arzuw eden Bişkek şäheriniň häkimi Aziz Surakmatow, paýtagtdaky dabaralary başlatdy.

Gyrygyzystanyň milli senasy bilen başlan çärä, Prezident Sooronbaý Jeenbekow, Mejlisiň başlygy Dastanbek Jumabekow, Premýer ministr Muhammekalyý Abylgaziýew, Ýokary kazyýetiň başlygy Aýnaş Tokbaýewa, Baş ştabyň başlygy Raýimberdi Düýşenbiýew, ýurdyň ozalky Prezidenti Roza Otunbaýewa, ministrler kabinetiniň agzalary, deputatlar, diplomatlar, daşary ýurt missiýalaryň wekilleri we köp sanda myhman gatnaşdy.  

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, gyrgyz halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlap: “Garaşsyzlyk ýüzlerçe ýyllap ata-babalarymyzyň taýsyz tagallasy we göz ýaşlary bilen alyndy. Ençeme adam wepat boldy. Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzdan galdy. Garaşsyzlygymyzy goramalydyrys. Döwletiň, häkimiýetiň we garaşsyzlygyň hakyny eýesi halkdyr” diýip beýan etdi.

Harby toparlar tarapyndan edilen çykyşlar uly şowhun bilen tomaşa edildi.

Dabara ýaş toparlaryň tans çykyşlary we watan we dil temaly aýdymlarynyň ýerine ýetirilen konsert bilen dowam etdi.

Gyrgyzystan SSSR-iň dargamagy bilen 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda öz garaşsyzlygyny yglan etdi we 31-nji awgust Gyrgyzystanda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilmäge başlandy.



Degişli Habarlar